Bandar Torkaman

 Upload a photo
Bandar Torkaman (Formerly: Bandar Shah, Persian بندر ترکمن, Bandar-e Torkaman) is a port city in Golestan province, Iran on the Caspian Sea. It is approximately 375 km from Tehran and had an estimated population of 126,000 in 2006. Some 3km west of Bandar Turkaman is the famous Ashooradeh Island.
Nearby cities:
Coordinates:  36°53'53"N 54°4'7"E

Comments

  • Bendertürkmen şäherini häzirki zaman, umumy maglumatlarda şeỳle görkezilỳär: “ Gülistan welaỳatyna tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ỳerleşen türkmen şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ỳurt tabynlygynda “şäheristan” ölçeginde “Türkmen şäheristany” ady bilen şäheristan merkezliginde durỳar. Bu merkezlige Kümişdepe ş., Siminşäher(öňki “Gargy” we “ Omçaly şş.)” we Bendertürkmen ỳaly şäherler onuň tabynlygynda durỳar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 nüň adam bolsa, 90% göterimi Eỳranli türkmenlerden ybarat bolỳar. Bendertürkmen şäheri 1306 h.ş. ỳylynda Reza şanyň tarapyndan düỳbi tutulyp, “ Benderşa” ady bilen tanalỳardy. Bu şäheriň ady 1979-njy ỳỳl Eỳran ynkylabyndan soň türkmenleriň talabyna görä “ Bendertürkmen şäheri” diỳilip atlandyryldy. Bendertürkmen port şäheri Hazar deñziniñ günorta-gündogar çüñkünde strategik häsiỳetli mekanda ỳerleşỳär. Bu şäher 2-nji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda dünỳäniñ dürli ỳerlerinde gelgitli syỳasy, medeni, ykdysady we söwda deñiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Iñ soñky sapar ikinji jahan urşunda öñki SSR-iñ faşistik Germaniỳa üstün çykmagynda-da bu port şäheriñ üsti bilen SSR-iñ goşunlaryna Amerikanyñ ỳaraglaryny ỳetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Şonuñ üçin dünỳä boỳunça bu şähere hem-de Güdürolum geçelgesine-de “Pole piruze” ỳagny “Üstünlik köprüsi” diỳlen ady berlipdir. 2-nji jahan urşundan soñ dünỳä syỳasatlarynyñ üỳtgemegi bilen bu şäheriñ deñiz port häsiỳetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eỳe bolỳar. 60 ỳyldan soñ täzeden janlanỳar. Bu şäheriñ deñiz gyrasynda “Iskele” diỳlen port enjamlary gurulypdyr. Häzirki zaman bu enjamlary has giñişleỳin alynyp barylỳar. Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ hem Garaşsyz ỳurtlaryñ Bendertürkmen şäheriniň otly (gatar) duralgasynyň platformy aragatnaşyklary açylandan beỳläk günsaỳyn diỳen ỳaly bu şäheriñ hem ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. Bu port şäherinden Gülistan welaỳatynyñ deñiz söwda eksportlarynyñ köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ỳollaỳar. Şeỳle hem bu şäher balykçylyk Şilat edarasynyñ tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriñ iñ köpüsi öndürilỳär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziỳa ỳürtlaryna iñ ỳakyn port şäherleriniñ biri hökmünde onda demirỳol enjamlary hem regiỳon boỳunça eksport göỳberiji gurby, nebit we oña degişli materiỳallary tranzit etmäge ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. . Bendertürkmen şäheristanynyñ welaỳat häkimi Agaỳe Akberi şeỳle diỳỳär: “Deñziñ özegini (Deñziñ ỳörite çuñlaşdyrylan uly gämileriñ ỳöreỳän, bellik edilen marşrudy) çuñlaşdyrma çäreleri ỳerine ỳetirilenden soñ 500 tonna agramly gämileriñ gel-gidi başlanar”.[ ] 115 1998-nji ỳylyñ dowamynda (bir ỳyl) 9483 daşary ỳürtly uly konteỳner maşynlar 190 müñ tonna harytlar bilen Inçeburun gümrükhanasyndan tranzit edilip ỳollanylypdyr. Şeỳle hem 130 müñ tonna haryt 8225 sany Eỳranyñ öz içeri uly konteỳner maşynlarynyñ üsti bilen Inçeburun serhedinden Orta Aziỳa hem Orsỳed ỳurtlaryna göỳberilipdir.
This article was last modified 9 years ago